- bişmek
- işlik1) Nahar, owkat taýýar bolmak.∙ Pişme bişer, gaýnatma gaýnar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Palaw bişdi.2) Ýetişmek (miwe hakynda).∙ Oglan howlugar, tut wagtynda bişer.3) Gaty gyzmak, ýanyp barmak.∙ Günüň aşagynda gezmekden ýaňa arkam bişdi.4) Bir ýeriň gyzgyn zada.∙ Ýanmak. Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer. (Nakyl)∙ Ýakma bişersiň, gazma düşersiň. (Nakyl)5) Göçme manyda Gaýgy-gam çekmek, horluk görmek.∙ Kimler bu zulumda çürkendi, bişdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)6) Göçme manyda Her bir kynçylyga döz gelip bilmek, çydamly bolmak.∙ Köp ýerlerde bolan, köp ýerde ygan, durmuş gazanynda bişen adamdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.